29-njy oktýabrda Litwa Respublikasyna amala aşyran saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Widmant Werbiskas bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem ýokary derejeli özara saparlary we duşuşyklary guramagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen-litwa parlamentara dostluk toparynyň ilkinji duşuşygyny geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüş derejesine hem syn berildi. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-litwa toparynyň ähmiýeti nygtaldy we onuň nobatdaky mejlisini geçirmegiň zerurlygy bellenildi. Şeýle hem ýurtlaryň arasyndaky ulag arabaglanyşygy meselelerine garaldy. Bu ugurda litwa tarapynyň Türkmenistan bilen ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmasy bildirildi. Gepleşiklerde bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürilmegiň ähmiýeti hem nygtaldy. Taraplar 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir