Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň gözel künjeginde ýerleşýän Bitaraplyk binasynyň ýanynda Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda döredilen Guramaçylyk döwlet toparynyň hojalyk iş maslahatyny geçirdi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň başynda Halk Maslahatynyň Başlygy Bitaraplyk binasynyň ýanynda bolup, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleriň guramaçylykly geçirilmeginde möhüm ähmiýeti bolan işleri ýerine ýetirmek boýunça wezipeleri kesgitläpdi. Şeýle hem şol gün binalaryň we desgalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmakda we onuň çäklerinde bag nahallarynyň oturdylmagynda ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny we häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň nazara alynmalydygyny belläp, Gahryman Arkadag bu babatda birnäçe ähmiýetli maslahatlaryny berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu gezek şol işleriň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklandy. Gahryman Arkadag şanly sene mynasybetli ýaýbaňlandyrylan işleriň köp ugurlary öz içine alýandygyny belläp, şunda şäherde alnyp barylýan gurluşyklaryň möhletlerine, Aşgabadyň arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerine, ekologiýa derejesine zerur üns berilmelidigini belledi. Halk Maslahatynyň Başlygy bu baradaky gürrüňi dowam edip, Aşgabatda alnyp barylýan işleriň guramaçylyk ýagdaýynda we şäheri bagy-bossanlyga büremek işlerinde haýal-ýagallyga ýol berlendigi üçin Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowa nägilelik bildirdi. Bu barada TDH habar berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir