Ozal habar berşimiz ýaly, Italiýa resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýändigini we bu waka mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda halkara forumyň geçiriljekdigini aýdyp, Prezident Serjio Mattarellany foruma gatnaşmaga çagyrdy. Dostlukly ýurduň Prezidenti çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň sebitde durnuklylygy we parahatçylygy pugtalandyrmakda eýeleýän möhüm ornuna Italiýada ýokary baha berilýändigini belledi. Bu barada TDH ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir