Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi dileri — «Garagum Ulag» HJ-i Balkanabat şäherinde täze tehniki hyzmat ediş nokadyny işe girizdi. Bu merkez M37 awtomobil ýolunyň ugrunda, 52-nji binada ýerleşýär (Balkan Gaz Üpjünçilik Müdirliginiň ýanynda) we ol Ýaponiýanyň meşhur brendiniň Balkan welaýatyndaky ilkinji resmi wekilhanasy bolar. Hyzmat ediş merkeziniň açylmagy sebitleýin Toyota awtoulaglarynyň eýelerine paýtagta gitmezden hünärli tehniki hyzmat edişi almaga mümkinçilik berýär. Merkezde ätiýaçlyk şaýlarynyň diňe asyl nusgalary ulanylar, işleri bolsa Toyota kompaniýasynyň standartlaryna laýyklykda taýýarlyk geçip, ýörite şahadatnamalara eýe bolan hünärmenler ýerine ýetirerler. Balkanabatda Toyota kompaniýasynyň resmi hyzmat ediş merkezi açyldy Açylyş mynasybetli «Garagum Ulag» kompaniýasy ilkinji 50 müşderi üçin ýörite aksiýa yglan etdi: Toyota 5W40 motor ýagyny çalşan müşderä — ýag sowgat berler! Bu aksiýa çäkli wagt dowam eder we sebitleýin awtoulag eýelerini Toyota kompaniýasynyň hyzmatynyň hil derejesi bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Balkanabatda Toyota kompaniýasynyň resmi hyzmat ediş merkezi açyldy «Garagum Ulag» kompaniýasy türkmen bazarynda Toyota brendine 2009-njy ýyldan bäri wekilçilik edip gelýär. Şu 16 ýylyň dowamynda kompaniýa giň diler ulgamyny döretdi we özüni Toyota awtoulaglarynyň eýeleri üçin ynamdar hyzmatdaş hökmünde tanatdy. Balkanabatda Toyota kompaniýasynyň resmi hyzmat ediş merkezi açyldy

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir