ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň öňki geňeşçisi Stiw Bennon bar bolan maksatnama laýyklykda, häzirki amerikan Lideriniň 2028-nji ýylda geçjek saýlawlarda üçünji möhlete saýlanjakdygyny aýtdy. Bu barada «Economist» neşiri bilen söhbetdeş bolan Bennon ýurda Trampyň gerekdigini nygtady diýip, «RIA Nowosti» ýazýar. «Bize başlan işlerimizi tamamlamak gerek. Biz olary Trampyň üsti bilen tamamlarys... Tramp bize azyndan ýene bir möhlet gerek, ol bu möhleti 2028-nji ýylda alar» diýip, öňki geňeşçi nygtady. ABŞ-nyň Prezidentiniň indiki saýlawlary 2028-nji ýylda geçmeli.