Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň geňeşçisi forumy açyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşmagynyň onuň ähmiýetini has-da artdyrýandygyny belledi we munuň üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirdi. Işewürlik maslahatynyň barşynda çykyş etmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa söz berildi. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi. Çykyşda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşleri we hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri giňişleýin beýan edildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynda Türkmenistanyň Italiýa özüniň ileri tutulýan hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde garaýandygyny, onuň bilen uzak möhletleýin gatnaşyklary ýola goýmagy maksat edinýändigini aýratyn belledi. «Biz häzirki wagtda hyzmatdaşlyk üçin anyk mümkinçilikleriň açylýandygyny görýäris we ähli ugurlar boýunça giňişleýin dialoga taýýardyrys» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-italýan işewürlik maslahatynda eden çykyşynda aýtdy. Türkmenistanyň döwlet Baştutany Italiýanyň işewür toparlarynyň wekillerini giňişleýin hem-de doly derejeli hyzmatdaşlyga çagyrdy. Türkmen-italýan işewürlik maslahatynda soňra italýan kompaniýalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.