Ozal habar berşimiz ýaly, Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Işewürlik maslahatyndan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şol resminamalaryň hatarynda: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Italiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň arasynda işgärleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Italiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Trkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Italiýanyň jemgyýetçilik radio-telewideniýe kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Geljekki gümrük hyzmatdaşlygy hakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Italiýanyň gümrük we monopoliýa agentliginiň arasynda bilelikdäki Jarnama bar. Şeýle hem forumyň çäklerinde Türkmenistanyň we Italiýanyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlary boýunça pikir alşyldy. Soňra işewürlik forumy öz işini «Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň ykdysady hyzmatdaşlygy: söwda, dokma we hususy pudaklarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hem-de ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyga ýardam bermek» atly mowzuklaýyn bölümlerde dowam etdi. Forumyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň we Italiýanyň wekilleriniň arasynda ýene-de birnäçe resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.