Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Rimiň Kapitoliý muzeýinde geçirilýän «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýasy» atly arheologik serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, Kapitoliý muzeýiniň meýdançasynda Türkmenistanyň Prezidentini Rim şäheriniň häkimi mähirli garşylady. Bu ýerde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde edebi-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Rim şäheriniň häkimi çykyş edip, hemmeleri mähirli mübärekledi we bu gün müňýyllyklaryň dowamynda Rimiň taryhynyň emele gelen ýeri bolan Kapitoliý baýrynda möhüm wakanyň, ýagny «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýasy» atly arheologik serginiň açylýandygyny nygtady. Ol bu giň gerimli çäräniň Merkezi Aziýanyň medeni mirasyny Ýewropa siwilizasiýasynyň gözbaşy bilen birleşdirýän özboluşly köprüdigini nygtady. Dabaranyň barşynda soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa uly hormat bilen söz berildi. Türkmenistan we Italiýa baý taryhy-medeni mirasa eýe. Bellenişi ýaly, italiýaly arheologlar 30 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen kärdeşleri bilen Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklerinde bilelikde gazuw-agtaryş işlerini alyp barýarlar. Medeni hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-italýan iş topary hereket edýär. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň çuň many-mazmunly çykyşy uly üns bilen diňlenildi. Çykyşyndan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow toý bagyny kesip, dabaraly ýagdaýda sergini açdy. Rimiň Kapitoliý muzeýinde açylan «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýasy» atly arheologik sergi 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2026-njy ýylyň aprel aýyna çenli dowam eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 23 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir