Hindi häkimiýeti emeli aňyň kömegi bilen Delidäki tüssä garşy göreşmek meýilnamasyny durmuşa geçirmäge girişdi. Şäher häkimiýetiniň başlygy Rekha Guptanyň habar bermegine görä, 23-nji oktýabrda tehnologiýanyň synaglary üstünlikli geçirildi, indi bolsa hünärmenler 28 – 30-njy oktýabrda bulut “ekişi” boýunça synagy geçirmäge taýýarlanýar. Şol bir wagtyň özünde, meýilnamalara howa şertleri täsir edip biler. Deli howanyň hapalanma derejesi iň ýokary bolan şäherleriň hataryna girýär. Oktýabryň ahyrynda, hususan-da, Diwali baýramçylygynda petardanyň köpçülikleýin ulanylmagy tüssäni güýçlendirenden soň, görkezijiler saglyk üçin howply derejelere ýetdi. The Indian Express neşiriniň maglumatlaryna görä, synag wagty hünärmenler Kekra we Burari sebitleriniň arasynda dört sagatlyk uçuşy amala aşyryp, kümüş ýodidi we natriý hloridi bilen pirotehniki zarýadlary sepdi. Bu maddalar buz kristallarynyň emele gelmegine kömek edip, ygalyň ýagmagyna sebäp bolýar. Ekologiýa ministri Manjinder Singh Sirsa emeli ýagyş ýagdyrmak synagyny diňe tebigy bulutlar bolan ýagdaýynda geçirip bolýandygyny belledi. Emeli ýagyş tehnologiýasy ygal mukdaryny artdyrmak üçin köp ýurtlarda ulanylýar. Bulutlara çyglylygyň suwuk hala geçip, ýagyş damjalaryna öwrülmegine kömek edýän bölejikler goşulýar. Hindistanyň häkimiýeti bu usulyň paýtagtda howanyň hapalanma derejesini wagtlaýyn peseltmäge kömek etjekdigine umyt edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 23 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir