Nike kompaniýasy hereketlendirijili aýakgap ulgamynyň prototipini hödürledi. Project Amplify atly taslama adamlara tiz hereket etmäge we az güýç bilen has uzak aralyklary geçmäge kömek etmegi maksat edinýär. Ulgam injik bilen topugyň tebigy hereketini goldamak üçin niýetlenýär. Oňa elektrik hereketlendirijisi, herekete getiriji gaýyş, manžet görnüşinde akkumulýator batareýasy we enjamly hem enjamsyz geýip boljak krossowka girýär. Taslama professional türgenlere däl-de, öz gezimlerini we ylgawlaryny has rahat etmek isleýän adaty ulanyjylara gönükdirilýär. Işläp düzüjileriň hasaplamalaryna görä, Project Amplify ýoly 1,5-3 km artdyryp biler. Nike-yň “Geljegi döretmek, täze sport görnüşleri we innowasiýa” ugry boýunça wise-prezidenti Maýkl Donagunyň aýtmagyna görä, taslamanyň mazmuny “siziň ädimiňize bildirmezden biraz güýç goşmakda” jemlenýär. “Lezzet siziň pikir edişiňizden has köp zady edip biljekdigiňize düşünmekden gelýär – bu “köp” siziň üçin nämäni aňladýan bolsa-da” – diýip, ol belleýär. Häzir Project Amplify synag tapgyrynda. Şeýle aýakgabyň bazara birnäçe ýyldan çykmagyna garaşylýar.