SportsPro žurnaly 2025-nji ýylyň iň köp isleg bildirilýän türgenleriniň reýtingini hödürledi. Sanawy düzüjiler isleg görkezijisini üç ölçeg: şahsy brendiň güýji, ykdysady mümkinçilikler we elýeterli bazar gurşawy, ýagny öz sport görnüşinde gazanç mümkinçiligi boýunça hasaplady. Şu ýyl reýtinge sportuň 12 görnüşiniň we 17 ýurduň wekilleri girdi. Sanawda birinji orny “Formula-1-iň” ýedi gezek çempiony Lýuis Hemilton eýeledi. Ol reýtingde taryhda ikinji gezek öňdebaryjy bolýar – ilkinji gezek ol 2014-nji ýylda birinji orny eýeläpdi. Ilkinji onluk şeýle görnüşde: Lýuis Hemilton – “Formula-1” Simona Baýlz – sport gimnastikasy Ilona Maýer – regbi Stefen Karri – basketbol Kriştianu Ronaldu – futbol Neýmar – futbol Keýtlin Klark – basketbol Lebron Jeýms – basketbol Ýannis Adetokumbo – basketbol Koko Gauff – tennis