Awstraliýanyň günbataryndaky Pilbara sebitinde demir-magdan şahtasyndan uzak bolmadyk ýerde ýanan jisim tapyldy. Deslapky maglumatlara görä, bu kosmos zibiliniň bölegi diýip, 9News teleýaýlymy habar berýär. Şahtanyň işgärleri ýolda bu jisimi görüp, derrew dessin gulluklary çagyrdy. Hünärmenler gelenden soň, bu ýer gorag astyna aldy. Edaralar adamlar we daşky gurşaw üçin howpuň ýokdugyny aýtdy. Deslapky maglumatlara görä, tapylan bölek uglerod süýüminden taýýarlanan bolup, awiasiýa enjamyna degişli däl. Polisiýa wekili munuň, ähtimal, aerokosmos enjamlarynda ulanylýan bagyň ýa-da ýokary basyşly kompozit gabyň bölegidigini” belledi. Awstraliýanyň kosmos agentliginiň inženerleri jisimiň gelip çykyşyny anyklamak üçin goşmaça tehniki barlaglary geçirer. Mundan öň, şu ýyl Keniýada bir obanyň golaýyna diametri 2,4 metrden gowrak we agramy 498 kilogram bolan kosmos zibiliniň uly bölegi gaçdy. Hünärmenler onuň raketa göterijisiniň basgançagynyň elementidigini çaklady.