Pekin uniwersitetiniň alymlary emeli aňyň kömegi bilen, takmynan, 1600 ýyl mundan ozal meşhur hytaý kalligrafy Wan Sýançži tarapyndan ýazylan söýgi barada gadymy golýazmany dikeltdi. Bu barada South China Morning Post habar berýär. “Lo derýasynyň hudaýyna oda” (“Louşen Fu”) atly eser bölekleýin ýitirilen diýlip hasaplanýardy: IV asyrdaky asyl nusgadan diňe dördünji bölegi saklanyp galypdy. Dikeltmek işini Hytaý şriftlerini işläp taýýarlamak we öwrenmek merkeziniň hünärmenleri boýun aldy. Olar Wan Sýançžiniň saklanyp galan “On üç setir nefrit” eserini alyp, asyl kalligrafiýanyň stilini saklamak bilen, emeli aň arkaly ýetmeýän ieroglifleri dikeltdi. Netijede, 919 ieroglifden ybarat bolan “Louşen Funuň” doly nusgasy peýda boldy. Çžeszýan uniwersitetinden professor Sýue Lunçun netijäniň hatda gadymy ýazuw boýunça hünärmenleri-de haýran galdyrandygyny aýtdy. Ol dikeldilen nyşanlaryň asyl nusganyň stiline mümkin boldugyndan ýakyndygyny belläp geçdi. Nepis sungat akademiýasynyň ylmy gözlegçisi Sýu Saýçžen hem bu işi haýran galdyryjy diýip atlandyrdy. Taslama Pekin uniwersitetiniň hytaý ýazuwy boýunça köpýyllyk gözlegleriniň dowamy boldy. Ieroglifleri kompýuteriň kömegi işlemek boýunça ilkinji tejribeler 1970-nji ýyllarda professor Wan Çuanyň ýolbaşçylygynda geçirilip başlandy. 2005-nji ýylda uniwersitetde Şrift dizaýn merkezi açyldy we bu ýerde täze şriftleri döretmek we gadymy tekstleri dikeltmek üçin EA ulanylyp başlandy.