Indoneziýa seýrek Ýawa kerkleriniň ýitip gitmeginiň öňüni almak üçin olaryň genetiki materialyny saklap galmak isleýär. Bu barada Indoneziýanyň tokaý hojalygy ministri Raja Juli Antoni habar berdi. “Biz kömekçi reproduktiw tehnologiýalary ulanmak bilen, geljekki ekstrakorporal tohumlandyrma üçin döli we ýumurtga öýjüklerini saklap galarys” – diýip, Antara habarlar agentligi ministriň sözlerini getirýär. Häzirki wagtda dünýäde 80 töweregi Ýawa kerki bolup, olaryň ählisi Ýawa adasyndaky Ujung-Kulon milli seýilgähinde ýaşaýar. Populýasiýany gorap saklamak boýunça maksatnamanyň çäklerinde haýwanlaryň bir bölegi seýilgähiň has howpsuz ýerlerine geçiriler, olar bu ýerde köpelip, görnüşiň genetiki köpdürlüligini saklap biler. Taslamany durmuşa geçirmek üçin haýwanlaryň we goraghananyň infrastrukturasynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge kömek edýän Indoneziýanyň Ýaragly güýçleriniň wekilleri gatnaşýar.