Marokkonyň milli ýygyndysy Çilide geçirilen futbol boýunça ýaşlar dünýä çempionatynda taryhda ilkinji gezek ýeňiji boldy. 20-nji oktýabrda irden Santýagoda bolan final oýnunda marokkolylar Argentinanyň toparyny 2:0 hasabynda utdy. Aýgytly oýunda gollaryň ikisini-de hüjümçi Ýassir Zabiri geçirdi. Ýaryşyň iň gowy oýunçysy Marokko toparynyň ýarymgoragçysy Otman Maamma boldy. Mundan öň Marokkonyň milli ýygyndysynyň ýaşlar dünýä çempionatynda iň uly üstünligi 2005-nji ýylda dördünji orny eýelemegidi. Argentinalylar dünýä birinjiligini alty gezek utup, ýaryşyň iň köp titula eýe bolan topary boldy. Ýaryşyň bürünç medalyny Kolumbiýanyň milli ýygyndysy aldy. Ol üçünji ýer üçin oýunda Fransiýany 1:0 hasabynda utdy. Indiki ýaşlar dünýä çempionaty 2027-nji ýylda geçiriler we ilkinji gezek birbada iki ýurtda – Azerbaýjanda we Özbegistanda geçer.