“Napoli” EA7 bilen bilelikde Hellouine bagyşlap, 2025/2026 möwsümi üçin eşik toplumyny hödürledi. Bu köýnekçeler çäkli nusgada çykarylar we özboluşly stil bilen bezeler. Klub öz resmi saýtynda dizaýnyň mazmunyny düşündirdi. “Dizaýnyň merkezinde diriler bilen merhumlaryň arasyndaky baky baglanyşygy alamatlandyrýan skelet bolup, ol Neapoldaky atsyz ruhlary hatyralamak we olar barada ýatlamalary saklamak däp-dessuryny görkezýär. Şeýlelikde, skelet merhumlary hatyralamagyň ýerli däp-dessury bilen bütin dünýäde giňden ýaýran we Neapolyň ruhunda aýratynlyklara eýe bolan häzirki Hellouiniň arasynda baglanyşdyryjy elemente öwrülýär. Gapdallarda we yzda ýarganatlar bilen zulmat tokaý şekillendirilen. Ol şäheriň mistiki ruhy bilen sazlaşykly utgaşýan gotiki atmosferany döredýär” – diýlip, beýanda aýdylýar.