“Barselonanyň” wingeri Lamin Ýamal, ähtimal, indi awtograf paýlamagyny bes etse gerek. Mundo Deportivo neşiriniň maglumatlaryna görä, oýunçy tanymal türgenler tarapyndan gol goýlan sport harytlaryny we egin-eşikleri satmak bilen meşgullanýan kompaniýa bilen şertnama baglaşmaga taýýarlanýar. Maglumatlara görä, firma Ýamaldan janköýerler bilen duşuşyk wagty gol paýlamagy bes etmegini sorady. Dolanyşykda awtograf näçe az boldugyça, olaryň kolleksiýa gymmaty şonça-da ýokary bolýar. Geljekde futbolçynyň goluny almak isleýänler muny diňe kompaniýanyň resmi saýty arkaly amala aşyryp biler. Şeýle-de, çeşme Ýamalyň düzgün tarapyndan göz öňünde tutulan awtograf-sessiýalary wagtynda awtograflaryň sanyny azaltmak barada “Barselonanyň” ýolbaşçylygy bilen gepleşik geçirýändigini habar berýär. Ýamal 18 ýaşynda. Häzirki möwsümde ol “Barselona” üçin bäş oýna gatnaşyp, iki gol geçirdi. Sentýabrda futbolçy France Football žurnaly tarapyndan möwsümiň iň gowy oýunçysyna berilýän “Altyn top” baýragy üçin ses berişlikde ikinji orny eýeledi.