Türkmenistanyň «Altyn Asyr» futbol kluby 2025/26 möwsüminiň AFK Çagyryş ligasynyň toparlaýyn tapgyryndaky oýunlaryny Butanda geçirer. Klubuň «A» toparyndaky ähli duşuşyklary ýurduň paýtagty Thimphu şäherinde geçiriler. Oýunlaryň tertibi: 25 oktýabr, 14:00 – «Altyn Asyr» (TM) - «Abdyş-Ata» (KG) 28 oktýabr, 17:00 – «Altyn Asyr» (TM) - «Paro» (BT) 31 oktýabr, 14:00 – «Altyn Asyr» (TM) - «Al-Şabab» (OM) AFK Çagyryş ligasy Aziýanyň üçünji derejeli klublar arasyndaky ýaryşy hasaplanýar. Bu möwsümde ýaryşa 20 topar gatnaşýar we olar Günbatar hem-de Gündogar zolaklara bölünendir. Her klub toparlaýyn tapgyra gatnaşandygy üçin 100 müň ABŞ dollary möçberinde baýrak alar. Toparlaýyn oýunlar 25-nji oktýabrdan 1-nji noýabra çenli dowam eder. Şondan soňra iň gowy 8 topar çärýek finala çykar. Çärýek final oýunlary – 2026-njy ýylyň mart aýynda, ýarymfinal – aprel aýynda, final duşuşygy bolsa 9-njy maýda geçiriler. Ýaryşyň häzirki çempiony «Arkadag» kluby bolup, ol 2024 möwsüminiň finalynda Kambojadaky «Swaireing» klubuny 2:1 hasabynda ýeňipdi. Bu ýeňiş «Arkadag» toparyna AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda çykyş etmäge hukuk berdi.