Bitkoin birden arzanlap, iýun aýyndan bäri ilkinji gezek 104 müň dollardan aşak düşüp, 103 790 dollar görkezijisine ýetdi. Şol sebäpli biržalar bir günde treýderleriň 1,2 mlrd dollarlyk şertnamalaryny awtomatik ýagdaýda ýapdy diýip, Bloomberg habar berýär. Esasy urgy long position şertnamalaryna täsir etdi – bu ýagdaýda maýadarlar ösüşe garaşyp, has köp kriptowalýuta satyn almak üçin biržalardan karz alýar. Ýöne bazar tersine gaýtdy we olar girdejiniň deregine ýitgi aldy. Netijede, biržalar has uly ýitgilere ýol bermezlik üçin şeýle şertnamalary mejbury ýagdaýda satyp başlady. Ýapylan şertnamalaryň 79%-i şeýle treýderleriň paýyna düşdi. Olardan iň ulusy Ethereum bilen boldy – 20,4 mln dollarlyk şertnama karz serişdeleri bilen söwdanyň iň esasy merkezleriniň birine öwrülen Hyperliquid biržasynda ýapyldy. Umuman alanyňda, 344 mln dollarlyk ýitgi bitkoiniň, 201 mln dollar Ethereum-yň, 97 mln dollar Solana-nyň paýyna düşdi. Galan ýitgiler XRP, Dogecoin we beýleki aktiwler bilen bagly boldy. Iň ýokary işjeňlik Hyperliquid ($391 mln), Bybit ($300 mln), Binance ($259 mln) we OKX ($99 mln) biržalarynda hasaba alyndy. Bilermenler pese gaçyşy ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky dartgynlylygyň ýokarlanmagy, ýenanyň güýçlenmegi we altynyň bahasynyň pese gaçmagy bilen baglanyşdyrýar. Häzire çenli bitkoin ýakynda ýeten ähli üstünliklerini diýen ýaly ýitirdi, Ethereum bir günde 4% peselip, 3900 dollardan aşakda satylýar.