Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat ş.) Baş konsuly Guwançmyrat Ataýew Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Maşat şäherindäki wekilhanasynyň ýolbaşçysy Ahmet Mäsumifäri bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň çäginde G.Ataýew Türkmenistanyň Maşat şäherindäki Baş konsuly hökmünde Konsullyk patentiniň nusgasyny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiýanyň tagallalary netijesinde iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň has-da ilerleýändigini we gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigini bellediler. Şeýle hem duşuşykda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr, ylym-bilim, saglygy goraýyş ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 17 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir