Awtoulag şaýlaryny öndüriji meşhur Capricorn kompaniýasy ilkinji giperkaryny — 01 Zagato modelini görkezdi. Täze ulag Italiýanyň meşhur Zagato dizaýn atelýesi bilen hyzmatdaşlykda döredildi. Model nusgawy dizaýny häzirki zaman tehnologiýasy bilen utgaşdyrýar we ol kolleksionerler hem-de awtoulag muşdaklary üçin niýetlenendir. Jemi 19 sany ulag öndüriler, hersiniň bahasy bolsa takmynan 2,95 million ýewro bolar. Kapotyň astynda 5,2 litrlik V8 turbomotor ýerleşýär, ol 900 at güýjüni öndürýär we 5 tizlikli el geçiriji Cima gutusy bilen jübütlenendir. Ulagyň hereketi yzky tekerlere geçirilýär. Karbon monokok gurluşy (LMP1 görnüşli) we ýeňledilen podramnikleri agramy 1200 kg-dan az edýär. Netijede, ulag 3 sekuntdan hem az wagtyň içinde 100 km/sag tizlige çykyp, iň ýokary tizligi 360 km/sag ýetýär. Şassi ulgamy goşa ryçagly podweska, Bilstein amortizatorlary we karbon-keramiki tormozlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Hünärmenleriň pikirine görä, Capricorn 01 Zagato, Ýewropada öndürilýän çäklendirilen sany giperkarlaryň arasynda iň öňdebaryjy modelleriň biri bolup biler.