Meşhur Lexus LFA modeliniň yzyny dowam etdirmeli täze superkaryň premýerasy şu ýyl däl-de, 2026-njy ýylda bolar. Ozal model ýakyn hepdelerde – oktýabryň ahyrynda Japan Mobility Show sergisinde hödürlener diýlip garaşylypdy. Ýöne konserniň ýolbaşçysy Akio Toýodanyň beýanyna salgylanyp, CarBuzz-yň habar bermegine görä, kompaniýa onuň görkezilişini yza süýşürmek kararyna geldi. Toýoda munuň birnäçe sebäp bilen baglanyşyklydygyny aýtdy. Ýöne hünärmenler Toyota-nyň beýleki täze modellerinden ünsi sowmak islemändigini çaklaýar. Indi premýeranyň täze senesi ýanwar aýyna bellendi – awtomobil ilkinji gezek Tokyo Auto Salon sergisinde görkeziler. Konserniň ýolbaşçysy superkaryň haýsy brend bilen çykjakdygyny aýtmady. Tomusda ýaşyrylan prototipler Gudwuddaky Tizlik festiwalynda Toyota-nyň adyndan görkezilipdi, awgustda bolsa Lexus ABŞ-da dizaýnynda LFA-nyň käbir aýratynlyklary bolan konsept-kary hödürledi. Täze ulagyň tehniki tarapy barada maglumat ýok. CarBuzz-yň maglumatlaryna görä, superkar elektrik güýçlendirijisi bilen sekiz silindrli hereketlendirijä eýe bolup biler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 17 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir