Warner Bros. Discovery mediakorporasiýasy öz bäsdeşi Paramount Scydance-iň satyn almak teklibini ret etdi. Bloomberg-iň habar bermegine görä, Warner Bros. teklip edilen bahany “has arzan” hasaplady. Ozal Paramount-yň her paý üçin 20 dollar töläp, Warner Bros. kompaniýasyny satyn almagy meýilleşdirýändigi habar berildi. Şeýle ýagdaýda şertnamanyň umumy bahasy, takmynan, 49,5 mlrd dollar bolardy. 14-nji oktýabrda söwda ýapylanda kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 17,78 dollardy. Kompaniýalar entek bu mesele boýunça resmi teswir bermedi. Çeşmeler indi Paramount-yň bahany ýokarlandyrmak, hyzmatdaşlardan maliýe goldawyny çekmek we hatda gönüden-göni Warner Bros.-yň paýdarlaryna ýüzlenmek ýaly dürli usullary gözden geçirýändigini belleýär. Ýöne kompaniýa Warner Bros.-yň ýolbaşçylygy bilen ylalaşmazdan, paýdarlara ýüz tutan ýagdaýynda, bu duşmançylykly ele salmak synanyşygyna öwrülip biler. Paramount Skydance häzirki görnüşinde 2025-nji ýylyň awgustyndan bäri hereket edýär. Paramount bilen Skydance birleşenden soň, kompaniýanyň täze ýolbaşçysy ozal Skydance-iň baş direktory bolan Dewid Ellison boldy. Iýunda Warner Bros. Discovery biznesi iki garaşsyz jemgyýetçilik kompaniýasyna bölmek meýilnamalary barada aýtdy: biri kinostudiýalary we akym hyzmatlaryny, beýlekisi telewizion brendleri öz içine alar.