Apple-iň iPhone Fold deslapky ady bilen ilkinji eplenýän smartfony 2026-njy ýylyň ikinji ýarymynda çykmaly. Ozal bu kompaniýanyň taryhynda iň gymmat iPhone bolar diýlip garaşylypdy, ýöne analitik Min-Çi Kuonyň habar bermegine görä, smartfon esasy komponentleriň bahasynyň arzan bolmagy netijesinde biraz elýeterli bolar. Kuonyň hasaplamalaryna görä, eplenýän mehanizmiň esasy we iň çylşyrymly bölegi bolan şarnir köpçülikleýin öndürilen ýagdaýynda, takmynan, 70-80 dollara düşer, ozal onuň bahasy 100-120 dollardan ýokary bolar diýlip çaklanypdy. Tygşytlamak arzan materiallaryň hasabyna däl-de, şarniri ýygnamagyň has netijeli usulynyň tapylmagy bilen mümkin boldy. Şarnirleri çykarmak üçin Apple-iň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolan Foxconn kompaniýasy Taýwanyň Shin Zu Shing öndürijisi bilen bilelikdäki kärhanany döretdi. Kuonyň aýtmagyna görä, Foxconn-yň bu hyzmatdaşlykda paýy uly bolup, hut ol ösüş ugruny kesgitleýär. Bilelikdäki kärhana şarnir üpjünçiliginiň umumy möçberiniň, 65% töweregini üpjün eder, galan 35%-i bolsa Amphenol kompaniýasy tarapyndan öndüriler. 2027-nji ýylda olara Luxshare hem goşulyp bilner, bu bolsa şarniriň bahasynyň hasam arzan bolmagyna mümkinçilik berer. Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurmanyň maglumatlaryna görä, iPhone Fold-yň bahasy 2000 dollar töweregi bolup biler. Şeýle pikiri JPMorgan analitikleri hem goldaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 17 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir