Hytaýda Gansu welaýatynyň Gobi çölünde ýerleşýän we China Three Gorges Corporation tarapyndan gurlan dünýäde ilkinji iki diňli Gün konsentratory işe girizildi, diýip SCMP habar berýär. Toplumda takmynan 27 müň aýna ulanylýar. Olar 200 metr beýikdäki iki diňiň depesine gönükdirilip, 1 km aralykda ýerleşdirilen diňler bilen Gün şöhlesini toplaýar: gündogar diň irki şöhleleri, günbatar diň bolsa günortanyň şöhlelerini ýygnaýar. Gün arkaly 570°C-e çenli gyzdyrylan duz buga öwrülýär we turbinany herekete getirýär. Netijede, elektrik energiýasy öndürilýär. Iki diňli ulgam adaty ýeke diňli stansiýalara garanyňda 25% netijeli. Şeýle hem, aýnalary öndürmek we gurmak üçin çykdajylary peseldýär. Stansiýa sebitiň Gün we ýel energiýasyny birleşdirýän arassa energiýa merkezi bilen utgaşydyrylyp, ýyllyk takmynan 500 000 hojalygy elektrik bilen üpjün etmäge ukyply. Hytaýdaky Gün konsentratorlary esasan gijelerine ulanmak üçin bufer energiýa çeşmesi hökmünde döredildi. Häzirki wagtda ýurtda 21 stansiýa işläp, 1,57 GWt kuwwat berýär; gurlup ýören ýene 30 stansiýa jemi 3,1 GWt kuwwat goşar. Täze tehnologiýalar, şol sanda metamateriallar bilen şöhlelendiriji aýnalar, çykdajylary 60% çenli azaldyp, stansiýalary has elýeterli we netijeli edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 17 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir