Hytaýyň Xiaomi kompaniýasynyň paýnamalary SU7 elektromobili bilen bolup geçen ýol-ulag hadysasy baradaky habardan soň Gonkong biržasynda 8,7% arzanlady. Bu aprelden bäri paýnamalaryň iň uly pese gaçyşy boldy diýip, Bloomberg habar berýär. Hytaý KHBS-iniň habar bermegine görä, heläkçilik irden Hytaýyň günorta-günbataryndaky Çendu şäherinde bolup geçdi. Internetde peýda bolan wideoda awtomobiliň ot alandygy görünýär. Ötegçiler içindäki adamlara kömek etmek üçin gapylary açmaga synanyşdy. Deslapky maglumatlara görä, 31 ýaşly sürüji ulagdan çykyp bilmän heläk boldy. Öň, aprelde şeýle hadysa Anhoý welaýatynda bolup geçdi. Şonda SU7 elektromobiliniň sürüjisi, takmynan, 120 km/sag tizlikde beton haýaty süsdi, netijede üç adam heläk boldy. Derňew heläkçilik wagty awtonom dolandyryş ulgamynyň işländigini, ýöne onuň nädogry hereket edendigini görkezdi. Şondan soň SU7 üçin täze sargytlar, takmynan, bir ýarym esse azaldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir