Toyota kompaniýasy Tokiodaky Japan Mobility Show sergisinde görkezjek geljekki modelleriniň ilkinji suratlaryny hödürledi. Sergi 30-njy oktýabrda açylar. Çärede görkeziljek täze ulaglaryň arasynda Century premium subbrendi bilen hödürlenen synag kross-kupesi, şeýle-de indiki nesil Toyota Corolla ulagy bar. Täze ulaglar barada maglumat entek az. Suratdan görnüşi ýaly, Century kross-kupesi pikselli faralary we çarçuwasyz radiator gözenegi bilen düýpgöter täze öň bölege eýe bolar. Onuň gapylary hem özboluşly bolar: olaryň bölekleri öňe we yza süýşüp biler. Täze Corolla ulagy Toyota-nyň döwrebap elektromobilleriniň stilinde ýerine ýetirildi. Sedan dinamiki görnüşi, ýiti kapoty we dik faralary bilen tapawutlanýar. Çep ganatda zarýad portunyň lýugy görünýär, bu hem modeliň elektrik ýa-da gibrid bolup biljekdigini görkezýär. Häzirlikçe ulagyň yzygiderli çykaryljakdygy ýa-da konsept-kardygy belli däl.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir