Maltanyň kiçijik paýtagty – Walletta Condé Nast Traveller žurnaly tarapyndan dünýäniň iň owadan paýtagty diýlip hasaplandy. Şäher Readers’ Choice Awards 2025 reýtinginde birinji orny eýeläp, Pariž, Afina we Lissabon ýaly uly syýahatçylyk şäherlerinden öňe geçdi diýip, BILD habar berýär. Ses bermäge 182 müňden gowrak okyjy gatnaşdy. Olar şäherleriň medeniýetine, aşhanasyna we myhmansöýerligine baha berdi. Walletta 100-den 97,33 bal alyp, diňe bir Ýewropanyň iň gowy ugry däl, eýsem syýahatçylar üçin dünýäniň iň özüne çekiji şäherleriniň biri boldy. Maltanyň syýahatçylyk ministri Ýan Borg baýragyň “syýahatçylaryň Malta halkynyň medeni mirasyna we myhmansöýerligine çuňňur minnetdarlygyny görkezýändigini” belledi. Meýdany bir inedördül kilometrden kiçi bolan şäher açyk asmanyň astynda hakyky muzeý hasaplanýar. Bu ýerde barokko stilinde gurlan köşkler, gadymy gala diwarlary, buthanalar we darajyk köçeler saklanyp galypdyr. Walletta XVI asyrda Malta ordeniniň rysarlary tarapyndan esaslandyryldy we 1980-nji ýyldan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Maltanyň paýtagty “Gladiator” we “Troýa” ýaly köp sanly meşhur filmleriň düşürilen ýeri hökmünde-de bellidir. Bu ýerde “Tagtlaryň oýnunyň” birinji bölümi-de düşürildi we Walletta Patyşalyk Gawanynyň prototipi bolup hyzmat etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir