Tehas amerikan ştatynda meýdana awtomobil ululygynda NASA-nyň abzally kosmos enjamy gondy. Ýerli ýaşaýjy Enn Uolter, takmynan, 10 metr diametrli paraşýutda ýuwaşlyk bilen aşak düşýän obýekti gördi diýip, ABC News habar berýär. Enjam bir gün öň Nýu-Meksiko ştatyndan uçuryldy we teleskoplaryň kömegi bilen ýyldyzlar, galaktikalar hem-de gara deşikler barada maglumat ýygnamak üçin ulanylypdy. Uolter enjamy görüp, şerifiň ofisine jaň edendigini aýtdy. Bu enjamy gözläp ýören NASA-nyň Kolumbiýa aerostat ylmy-gözleg merkeziniň hünärmenleri aýal bilen habarlaşyp, soňra enjamy alyp gitmek üçin tirkegli ýük ulagynda geldiler.