Ilon Mask ozal Microsoft-yň garşydaşy hökmünde yglan edilen täze Macrohard kompaniýasy barada gürrüň berdi. Milliarderiň aýtmagyna görä, kompaniýanyň işi emeli aň we Tennessi ştatynyň Memfis şäherindäki Colossus II superkompýuteri bilen berk baglanyşykly bolar. “Biziň maksadymyz gönüden-göni fiziki harydy öndürmekden başga ähli zady edip biljek, şol bir wagtyň özünde-de muny, Apple-iň öz enjamlarynyň önümçiligini başga kompaniýalara tabşyryşy ýaly, gytaklaýyn gazanmak mümkinçiligine eýe boljak kompaniýany döretmekdir” – diýip, Mask belledi. Şeýle-de, ol Colossus II superkompýuteriniň ýerleşýän binasynyň üçeginiň suratyna teswir berdi. Onda uly harplar bilen täze kompaniýanyň ady ýazylan. Ozal milliarder üçekdäki Macrohard ýazgysynyň “kosmosdan görner ýaly derejede” uly boljakdygyny aýdypdy. Mask eýýäm EA bilen meşgullanýan xAI kompaniýasyna eýeçilik edýär. Bu kompaniýadan tapawutlylykda, Macrohard diňe EA üçin programma üpjünçiligini işläp taýýarlamaga gönükdirilen firma hökmünde döredilýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir