Ozal habar berşimiz ýaly, Hytaýa saparynyň çäklerinde, 2-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, bu günki gün Türkmenistanyň we Hytaýyň dünýä gurluşy baradaky garaýyşlary ýakyndyr. HHR-iň Başlygynyň «Adamzadyň bitewi ykbal bileleşigi» konsepsiýasy Türkmenistanyň durmuşa geçirýän Parahatçylyk we ynanyşmak filosofiýasy bilen sazlaşýar. «2025-nji ýyl Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow duşuşykda aýtdy we HHR-iň Başlygy Si Szinpini bu waka hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy. Si Szinpin çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Hytaýyň Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine hormat goýýandygyny we onuň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyny goldaýandygyny aýtdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hytaýyň ygtybarly dostudygyny, onuň gazanýan üstünliklerine guwanylýandygyny aýdyp, Si Szinpiniň ýolbaşçylygynda HHR-iň mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanjakdygyna ynam bildirdi. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, şu gezekki ýokary derejedäki duşuşyga uly ähmiýet berilýändigini belledi we HHR-iň uzak möhletli, strategik hyzmatdaş hökmünde Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge berk ygrarlydygyny aýtdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.