«Awtomobil ulag hyzmatlary» AGPJ häzirki wagtda Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça awtobus gatnawlarynyň hereket edýändigini habar berýär. Ýolagçylaryň amatlylygyny ýokarlandyrmak we paýtagt bilen Türkmenbaşy şäheriniň arasyndaky ulag aragatnaşygyny gowulandyrmak maksady bilen, gatnawlaryň sany üçe ýetirildi. Awtobuslar Aşgabatdaky Halkara awtomenzilinden sagat 10:00, 10:30, 11:00 ugrap, Türkmenbaşy şäherindäki awtomenzile 21:00, 21:30, 22:00 barýarlar. Bir tarapa ýol petegiň bahasy 65 manat. Aşgabat-Türkmenbaşy ugrundan başga-da, Aşgabat — Awaza — Aşgabat ugry boýunça hem gatnawlar dowam etdirilýär. Aşgabat-Awaza ugrunyň ýol petegi ulular üçin 75 manat, 5 ýaşdan 13 ýaşa çenli çagalar üçin bolsa 37,5 manat bolýar. Awtobuslar Aşgabat — Awaza ugry boýunça her gün iki gezek gatnaw amala aşyrýarlar. Paýtagtdan ugralýan wagty 06:00 we 06:30 bolup, awtobuslar Halkara awtomenzilinden ugrap, ýol wagty sekiz sagat dowam edýär. Awtobus gatnawlarynyň ähli ugurlary boýunça ýol peteklerini resmi web sahypasyndan — auh.com.tm — we «Şäherara bilet» atly mobil goşundysyndan onlaýn görnüşde satyn alyp bolýar. Mundan başga-da raýatlaryň bu ugurlaryň sanyny has-da artdyrmak barada islegleriniň göz öňünde tutuljadygy barada «Awtomobil ulag hyzmatlary» AGPJ habar berýär.