NASA we Google Cloud uzak dowam edýän kosmos missiýalarynda astronawtlara diagnoz goýmakda we bejermekde kömek edip biljek emeli aň ulgamyny synagdan geçirýär. Ulgam “Ekipaž lukmanynyň sanly kömekçisi” (CMO-DA) adyny aldy we Aýa gaýdyp barmak boýunça “Artemid” missiýasyndan başlap, ekipažly uçuşlara taýýarlygyň çäklerinde döredildi. Ulgam lukman ýok ýagdaýynda ýa-da Ýer bilen arabaglanyşyk kyn bolan halatynda astronawlara kömek bermegi maksat edinýär. Bu Aý, Mars we beýleki planetalar özleşdirilende ekipažy lukmançylyk kömegi bilen üpjün etmek üçin aýratyn möhümdir. CMO-DA kosmos uçuşlary baradaky bilimler bilen okadyldy we ekipažyň saglyk ýagdaýyny hem işe ukyplylygyny seljermek üçin tebigy dili gaýtadan işlemek usullaryny we maşyn bilimini ulanýar. Gural lukmançylyk hünärmenine ýa-da bort inženerine maglumatlaryň we çaklamanyň esasynda çözgüt kabul etmäge kömek edýär. Ilkinji synaglaryň dowamynda model dürli lukmançylyk ýagdaýlarynda barlandy. Netijeler ulgamyň beýan edilen alamatlar boýunça diagnozy takyk kesgitläp bilýändigini görkezdi. Häzir NASA we Google lukmanlar bilen bilelikde modeli synagdan geçirmegi we kämilleşdirmegi dowam etdirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir