ABŞ bilen Ýewropa Bileleşigi söwda şertnamasyna gol çekdi. Onuň şertleri boýunça Waşington Ýewropa harytlarynyň, şol sanda awtomobilleriň importy üçin gümrük paçlary 15%-e çenli azaltdy. Bu barada ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Şotlandiýada Ýewrokomissiýanyň başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşykdan soň žurnalistlere aýtdy diýip, Bloomberg habar berýär. Onuň aýtmagyna görä, ÝB ABŞ bilen söwda üçin öz bazarlaryny paçsyz açmaga hem-de ABŞ-dan 750 mlrd dollarlyk energiýa göterijilerini satyn almaga razy boldy. Mundan başga-da, Brýussel amerikan ykdysadyýetine “öňküsinden 600 mlrd dollar köp” maýa goýar (CNN). Şeýle-de, ÝB “uly mukdarda” amerikan harby enjamlaryny satyn almak barada ylalaşdy. Ýewrokomissiýanyň başlygy ylalaşygyň gazanylandygyny tassyklady. Bloomberg-iň maglumatlary boýunça, şertnama ÝB-e 1-nji awgustdan amerikan tarapyndan 30% möçberde gümrük pajynyň girizilmeginden gaçmaga mümkinçilik berer. Şol bir wagtyň özünde, ÝB-den ýarymgeçirijiler üçin paçlar baradaky çözgüdiň ýakyn hepdede bolmagyna garaşylýar. Ozal ABŞ Ýaponiýa bilen söwda şertnamasyny baglaşdy. Onuň şertlerine görä, ýapon harytlary, şol sanda awtomobiller üçin gümrük paçlary 15% bolar, muňa jogap hökmünde ýapon tarapy ABŞ-nyň ykdysadyýetine 550 mlrd dollar maýa goýmaga borçlandy. 2025-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemi boýunça, ABŞ-da täze awtomobilleriň satuwy 3,9% ýokarlandy. Şu ýylyň ýazynda Tramp tarapyndan girizilen import paçlary eýýäm bazaryň gurluşyna täsir etdi: bahasy 30 müň dollara çenli bolan ulaglaryň satuw paýy düýpgöter azaldy. Paçlar Ýewropanyň awtoöndürijilerine hem täsir etdi. Mysal üçin, Volkswagen-iň girdejisi 0,3% - 158,4 mlrd ýewro çenli azaldy, operasion girdeji bolsa üçden bir – 10-dan 6,7 mlrd ýewro çenli pese gaçdy. Bu kompaniýanyň ýarym ýyllyk hasabatyndan gelip çykýar. Konserniň hasaplamasy boýunça, amerikan import paçlary Volkswagen-e 1,3 mlrd ýewro düşdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir