Oskar baýragyny alan “Godzilla: Minus bir” ýapon blokbasteriniň dowamy 30-njy awgustda düşürilip başlanar. Bu barada Consequence of Sound neşiri habar berýär. Filmiň prokata çykmagy 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär. Ilkinji film ägirt nägehanyň uruşdan soňky Ýaponiýa hüjümi barada gürrüň beripdi. Filmiň dowamynyň sýužeti hem geçmişde bolup geçer. Taslamanyň režissýory bolup ýene-de Takasi Ýamadzaki çykyş eder. Baş keşplere Rýunoske Kamiki we Minami Hamabe dolanyp biler. “Godzilla: Minus bir” 12-15 mln dollar býujet bilen dünýä prokatynda 100 mln dollardan gowrak girdeji gazandy. Film iň gowy wizual effektler üçin “Oskar” baýragyny aldy.