25-nji iýulda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy. “Biz ähli derejede syýasy dialogyň has-da giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Ýurtlarymyzy köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýar, häzirki wagtda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk bolsa deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar” diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky syýasy dialogyň hil taýdan täze derejä çykarylandygyny kanagatlanma bilen belledi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň hem hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge ygrarlydygy tassyklanyldy. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, ykdysady ulgam ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Uzak ýyllaryň dowamynda Hytaý Türkmenistanyň esasy söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşy bolup durýar. Ýangyç-energetika pudagy-da ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Şeýle hem Türkmenistan «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasynyň we Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň mundan beýläk-de utgaşdyrylmagyny goldaýar. Serdar Berdimuhamedow bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk maksatnamalarynyň çäklerindäki başlangyçlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir