China Mobile aragatnaşyk operatory altynjy nesil torunyň ilkinji synaglarynyň başlanandygyny habar berdi. Synag infrastrukturasyna 10 esasy stansiýa gatnaşýar. Taslama diňe gözleg maksatlary bilen durmuşa geçirilýär we täjirçilik taýdan ulanylyşy göz öňünde tutmaýar diýip, MyDrivers portaly ýazdy. Operatoryň maglumatlaryna görä, synag wagty 280 Gbit/s çenli maglumat geçiriş tizligi hasaba alyndy. Bu 5G tory bilen deňeşdirilende 14 esse tizdir. Şeýle tizlikde 50 Gbaýt göwrümli faýly (Blu-Ray 4K formatda iki sagatlyk film) ibermek bir ýarym sekuntdan az wagt alýar. China Mobile 6G bilen bagly gözleglere we işläp taýýarlamalara 39,1 mlrd ýuandan gowrak (5,4 mlrd dollardan gowrak) maýa goýdy. Kompaniýa ylmy-tehniki ösüş pudagynda dört esasy milli taslama gatnaşýar. Şeýle-de, 5G we 5G-A torlaryny ösdürmek dowam etdirilýär. China Mobile dünýäde iň uly bäşinji nesil toruny gurdy: 2,4 milliondan gowrak esasy stansiýa. Bu dünýäde olaryň umumy sanynyň 30%-den gowragydyr. Stansiýalar Hytaýyň administratiw sebitleriniň 90%-den gowragyny gurşap alýar. Ulgamyň özi bolsa 5G pudagynda 300 halkara standarty boýunça birinji orny eýeleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir