ChatGPT web-programmasynda “Bilelikdäki okuw” (Study Together) ady bilen täze funksiýa yglan edildi, ol ýakyn wagtda ulanyjylara elýeterli bolar. Bu barada maglumat “Oka we öwren” bölüminde ýerleşdirildi. Täze funksiýanyň kömegi bilen ulanyjylar synaglara taýýarlanyp, çylşyrymly meseleleri çözüp we öý işlerini ýerine ýetirip biler. Gural has giňişleýin düşündiriş, anyk görkezmeler we öwrenmek prosesinde kömek etmegi bilen EA-nyň adaty jogaplaryndan tapawutlanýar. “Bilelikdäki okuw” okuw prosesini iki görnüşde guramaga mümkinçilik berer: ChatGPT-de bilelikdäki sessiýalara goşulýan dostlaryň gatnaşmagynda ýa-da EA-nyň özi bilen – bu ýagdaýda ol ulanyjy bilen bilelikde öwrenýän ýoldaş hökmünde çykyş eder. “Maňa bu konsepsiýany ýönekeý dilde düşündir” diýen ýaly soraglara berilýän adaty jogaplardan tapawutlylykda, täze režimde islendik predmeti öwrenmek boýunça ädimme-ädim görkezmeler we jikme-jik usulyýet hödürlenýär. Şeýle-de, testlere taýýarlanmak we barlag ýumuşlaryny ýerine ýetirmek üçin funksiýalar göz öňünde tutulan. Funksiýanyň ýakyn günlerde ähli ulanyjylara elýeterli bolmagyna garaşylýar. Açyk çeşmelerden alnan maglumatlara görä, şeýle funksiýalar Claude we Gemini ulgamlarynda hem synagdan geçirilýär, bu bolsa onlaýn bilim gurşawynda bäsdeşligi güýçlendirip biler.