Google Photos hyzmaty emeli aňyň esasynda täze funksiýalar bilen täzelenme aldy. Ulanyjylar hereketsiz suratlary alty sekuntlyk wideolara öwrüp, suratlar üçin anime, komiks, eskiz we 3D animasiýa ýaly düli wizual stilleri ulanyp biler diýip, TechCrunch neşiri ýazýar. Täze gurallar wideo redaktirlemek we kollaž döretmek funksiýalaryny hödürleýän aýratyn “Döretmek” (Create) bölüminde jemlendi. EA mümkinçilikleri heniz synag tapgyrynda. Şonuň üçin Google ulanyjylara “haladym” we “halamadym” düwmeleriniň kömegi bilen netijelere baha bermäge çagyrýar, bu seslenmeler funksiýalary has kämilleşdirmäge kömek eder. TechCrunch EA gurallarynyň giň köpçülige niýetlenendigini belleýär. Täze funksiýanyň goşulmagy Google-a öz modellerini okatmak üçin maglumat ýygnamaga-da mümkinçilik berer. “Fotony wideo” (Photo to Video) funksiýasyny eýýäm Google Veo 2 EA modeli ulanýar, ol suratlardan gysga wideo döretmäge mümkinçilik berýär. Bu funksiýa eýýäm ABŞ-da Android we iOS ulanyjylary üçin elýeterlidir. “Remiks” funksiýasy ýakyn hepdelerde goşular. Ähli materiallarda emeli aň tarapyndan döredilendigini görkezýän SynthID belligi bolar. “Döretmek” bölümi ABŞ-da Google Photos programmasynda awgustda peýda bolar. Kompaniýa ony täze gurallar bilen yzygiderli täzelemegi meýilleşdirýär.