Aberistuit uniwersitetiniň ylmy gözlegçileri Stounhenji emele getirýän daşlaryň bäş müň ýyldan gowrak ozal adamlar tarapyndan daşalandygyny subut etdi. Bu barada geçirilen ylmy barlaga salgylanyp, Daily Mail habar berýär. Öwrenilen esasy obýektleriň biri Nýuoll daşy – Stounhenjiň mawy daşy boldy. Onuň gelip çykyşy barada iki çaklama bardy: ýa-ha daş ol ýere buzlugyň eremegi netijesinde Uelsden gelipdir, ýa-da ony adamlar 5 müň ýyldan gowrak ozal getiripdir. Geohimiki we mikroskopik seljerme buzlugyň alamatlarynyň ýokdugyny görkezdi. Hünärmenleriň pikiriçe, buz hereket eden bolsa, daşlar bir ýere üýşmän, dürli ýerlerde ýaýrap ýatardy. Şeýle-de, seljerme daşyň himiki düzüminiň Stounhenjden 200 km uzaklykda ýerleşýän Uelsdäki Kreýg Ros-i-Felin gaýa massiwiniň dag jynslary bilen gabat gelýändigini ýüze çykardy. Ozal, takmynan, b.e.öň 3000-nji ýylda neolit jemgyýetleriniň bu sebitde daş gazyp alandygy anyklandy. Uiltşire getirilen her bir daşyň agramy üç tonnadan geçmeýär. 30 daş sütüninden ybarat bolan Stounhenj, takmynan, bäş müň ýyl ozal gurlupdyr. Ululyklaryny we agramlaryny göz öňünde tutsaň, daşlaryň daşalmagy çylşyrymly inženerlik meselesidir. Munuň sani, pürs we hatda suw transporty ýaly dürli usullary ulanmak bilen ýerine ýetirilendigi barada dürli nazaryýetler bar. Ýöne anyk usullar häzirem çekişmeleriň we ylmy gözlegleriň predmeti bolup galýar. Bu toplumyň nähili wezipesiniň bolandygy-da doly belli däl. Onuň däp-dessur we dabara, jaýlama ýeri, astronomiki obserwatoriýa bolandygy barada dürli garaýyşlar öňe sürülýär, käbirleri hatda ony başga planetadan gelen gämileriň gonan ýeri diýip hasaplaýar. 1986-njy ýylda bu ýadygärlik ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Toplum Londonyň günorta-günbataryndaky Uiltşir graflygynda ýerleşýär.