BMW konserni Hytaýyň şertlerine uýgunlaşdyrylan elektrik ulaglary bolan Neue Klasse maşgalasy üçin ýarym awtonom dolandyryş ulgamyny işläp taýýarlajak Hytaýyň Momenta başlangyjy bilen şertnama baglaşdy. Hytaýda modelleriň satuwy 2026-njy ýylda başlamaly diýip, Tencent News neşiri habar berýär. Momenta tarapyndan işlenip düzülýän ulgam şäher köçelerinde we awtoulag ýollarynda ýol hadysalarynyň köpüsinde sürüjä kömek edip bilýän akylly kömekçilerden ybarat bolar. Lokallaşdyrylan tehnologiýa Hytaý bazaryndaky täze BMW modelleriniň esasy artykmaçlyklaryndan biri bolar diýlip garaşylýar. BMW hyzmatdaşlyk etmäge taýýar azyndan alty dalaşgäriň arasyndan çözgütleriniň ýokary derejelidigi sebäpli Momentany saýlady. Bu konserniň Hytaýdaky başga bir tehnologiýa hyzmatdaşy multimediýa ulgamlaryna jogapkär Huawei kompaniýasy bolar. Çeşmelere berýän maglumatyna görä, BMW Hytaýda i3 sedanynyň we iX3 krossoweriniň ýewropa niýetlenen görnüşlerini satmagy, şeýle hem Hytaý bazary üçin ýörite işlenip düzülen ulagyň uzaldylan görnüşini satmagy meýilleşdirýär. Momenta ozal Mersedes-Benz, Toyota we Nissan ýaly iri awtoulag öndürijileri bilen hyzmatdaşlyk edipdi, Huawei bolsa Audi üçin sanly hyzmatlary işläp düzýär.