Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary 28-nji iýunyndan 2-nji awgust aralygynda Italiýa Respublikasynyň Daşary ýurtlular üçin Perujiýa uniwersitetinde geçirilýän italýan dili we medeniýeti boýunça okuwlara gatnaşýarlar. Bu sapar iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen Italiýanyň uniwersitetiniň çakylygy boýunça gurnalýar. Daşary ýurtlular üçin Perujiýa uniwersiteti (Università per Stranieri di Perugia) tutuş ýurt boýunça diňe daşary ýurtly talyplar üçin gapylaryny açan iki ýokary okuw mekdebiň biridir. Bu Italiýanyň iň gadymy we abraýly uniwersiteti bolup, bu ýokary okuw mekdep diňe bir talyp ýaşlara ylym öwretmek we ylmy gözleg işlerini geçirmek bilen çäklenmän, daşary ýurtdan gelen ýaşlaryň italýan diline we medeniýetine bolan garaýşyny has-da kämilleşdirýär. Türkmen ýaşlarynyň italýan dilini öwrenmek endiklerini kämilleşdirmek mümkinçiligi diňe bir hyzmatdaşlygy ýola goýmakda däl, eýsem, ýurduň medeniýetine we taryhyna düşünmekde-de aýratyn ähmiýetlidir. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary hem öz gezeginde medeni alyş-çalyş we oňyn gepleşiklere goşant goşýan ýurdumyzyň taryhy we medeni mirasyna degişli baý maglumatlary daşary ýurtly deň-duşlary bilen paýlaşýarlar.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir