Tom’s Guide neşiriniň bilermenleri 2025-nji ýylyň iň gowy on smartfonynyň reýtingini düzdi. Sanawda öňdebaryjy Galaxy S25 Ultra boldy. Bilermenleriň pikiriçe, umumy aýratynlyklary boýunça onuň bilen deňleşip biljek ýok. Smartfon 6,9 dýuýmlyk AMOLED displeýi, Snapdragon 8 Elite çipseti we dört sensorly kamera bilen üpjün edildi. Esasy kemçilikler ýokary baha we Qi2 simsiz zarýad standartyny goldamazlygy boldy. Ikinji orunda iOS smartfonlarynyň arasynda iň gowusy diýlip saýlanan Apple iPhone 16 Pro Max ýerleşdi. Ol Super Retina XDR OLED ekranyna, A18 Pro prosessoryna we suratyň hili üçin ýokary bahalara eýe boldy. Kemçilikleriň hatarynda haýal zarýad almagy we EA tehnologiýalaryny girizmekde yza galmagy görkezildi. Üçünji orny Google Pixel 9 Pro eýeledi. Smartfon emeli aň mümkinçilikleriniň giňligi bilen tapawutlanýar we 4700 mA/sag akkumulýatorynyň hem-de energiýa tygşytlaýjy Tensor G4 çipsetiniň netijesinde zarýady uzak saklaýar – synagda 13 sagat 30 minut. Ýöne model umumy iş tizligi we bir zarýad bilen iş wagty boýunça bäsdeşlerinden yza galýar. Dördünji orny Google Pixel 9a, bäşinji orny OnePlus 13 eýeledi. Soňkusy hil we baha gatnaşygy boýunça iň gowy Android flagmany diýlip atlandyryldy. Şeýle-de, onluga şu aşakdakylar girdi: iPhone 16; Nothing Phone 3a Pro; Galaxy S25; Motorola Razr Ultra; Galaxy S25 Edge.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir