13-nji iýulda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk, guramaçylyk işlerine bagyşlanan maslahat tamamlanandan soňra, Gurbanguly Berdimuhamedow halkara çärelere gatnaşjak meýletinçiler üçin niýetlenen lybaslary synlady. Türkmen halkynyň Milli Lideri meýletinçileriň lybaslarynyň häzirki zaman talaplaryna we bu künjegiň tebigy howa şertlerine kybap gelmelidigini belledi. Şeýle hem lybaslaryň bezeg serişdeleri, ýazgylary göze gelüwli bolmalydyr. Şol bir wagtyň özünde olaryň reňk sazlaşygyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Bu ýerde lukmanlar, teleoperatorlar, hyzmat ulgamyna degişli beýleki işgärler üçin niýetlenen lybaslaryň taýýarlanylmagyna hem şu talaplar bildirilýär. Gahryman Arkadagymyz olara birnäçe belliklerini aýdyp, lybaslaryň has-da kämilleşdirilmelidigine ünsi çekdi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri binanyň daşyna çykyp, halkara maslahatyň geçiriljek günlerinde ýolagçy awtobuslarynda ýerleşdiriljek ýazgylaryň we şygarlaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýazgylaryň halkara forumyň ruhuna laýyk gelmelidigini we olarda şanly wakalaryň taryhy ähmiýetiniň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy.