13-nji iýulda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir säher bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän köpugurly sport toplumyna geldi we bu ýerde adaty endigine eýerip, irki sport maşklaryny ýerine ýetirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Hazaryň kenary boýunça welosipedli gezelenç etdi. Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedde gidip barşyna, jana tenekar ýakymly howa gurşawy bolan giňişligi synlady. Gahryman Arkadagymyz Awazanyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän sport toplumynyň ýanynda saklandy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy toplumda irki sport maşklaryny ýerine ýetirdi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri toplumyň daşyna çykyp, deňziň kenary boýunça welosipedli gezelenjini dowam etdi. Soňra Gahryman Arkadagymyz deňziň kenarynda birsellem gezim etdi we gezelenjini welosipedde dowam edip, kenaryň saýaly baglara beslenen künjegini synlady.