OpenAI kompaniýasynyň baş direktory Sem Altman häzirki kompýuterleriň emeli aňsyz dünýä üçin işlenip düzülendigini, olaryň emeli aň bilen işleşmäge laýyk däldigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, kompaniýa konteksti göz öňünde tutup, esasly kararlary kabul edip bilýän düýbünden täze enjamyň üstünde işleýär. «Windows Central» neşirine beren interwýusynda Altman bilen OpenAI-yň operasion direktory Bred Laýtkep bu taslamanyň sesli kömekçä meňzemeýändigini, eýsem, tehnologik taýdan has başgaça çözgüt boljakdygyny aýtdylar. «Häzirki gün [diňe poçtaňy barlap, oňa jogap berip bilýän] ajaýyp pes hilli bir zatlary döredip bilersiňiz. Ýöne ajaýyp bir zat döretmek üçin, giň kontekste hem-de her bir ýagdaýyň nämedigine çuňňur düşünmek zerur... Şonuň üçin men muny geljegi uly ugur hasaplaýaryn» — diýip, Laýtkep aýtdy. «Kompýuterler, programma üpjünçilikleri we enjamlar, ýagny biziň şu günki kompýuterleri göz öňüne getirşimiz ýaly, emeli aňsyz dünýä üçin işlenip düzülipdi. A indi bolsa, biz düýbünden başgaça dünýäde ýaşaýarys, programmalaýyn we enjamlaýyn talaplar gaty çalt üýtgeýär» — diýip, Altman üstüni ýetirdi. Bu ugurda hödürlenýän çözgütleriň arasynda OpenAI-yň «io» atly startap bilen bilelikde işläp düzýän enjamy hem bar. Bu kompaniýa Apple-yň öňki baş dizaýneri Joni Aýw tarapyndan esaslandyryldy. OpenAI bu kompaniýany 6,5 mlrd dollara satyn aldy. Taraplaryň maksady tehnologik taýdan özgerdiji – 2007-nji ýylda iPhone-yň çykyşy bilen deňeşdirip boljak – enjam döretmek. Bu OpenAI-y Microsoft, Google, Apple we Samsung ýaly tehnologiýa ägirtleriniň hataryna goşup biler. Häzirki wagtda OpenAI bu ugurda birnäçe pikiri öwrenýär. Altman adamlaryň durmuş kontekstine düşünip, olaryň adyndan hereket edip bilýän tehnologiýalara ynanmagy öwrenmegi üçin belli bir wagtyň gerek boljakdygyny aýtdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir