Neşwillde geçirilen UFC on ESPN 70 ýaryşynda UFC promouşeni “UFC-de ýylyň söweşijisi” nominasiýasynda ESPY 2025 baýragynyň ýeňijisini yglan etdi. Ol iň ýeňil agramda çempion Merab Dwalişwili boldy. Gruzin-ispan söweşijisi bu nominasiýada ýeňil agramda öňki çempion, russiýaly Islam Mahaçewden, Günorta Afrikadan orta agramda çempion Drikus dýu Plessiden we ABŞ-dan zenanlaryň arasynda iň ýeňil agramda çempion Kaýla Harrisondan öňe geçdi. ABC we ESPN teleýaýlymlary tarapyndan her ýyl berilýän ESPY baýragy geçen senenama ýylynda gazanylan ajaýyp sport üstünliklerini ykrar edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir