Google kompaniýasy Gemini EA çat-botuna suratlary animasiýa öwürmek funksiýasyny goşdy. Onuň kömegi bilen ulanyjylar fon sesleri we sözleýişler bilen sekiz sekuntlyk wideolary döredip biler. Täze funksiýa Veo 3 wideo modeline esaslanýar we eýýäm käbir ýurtlarda Google AI Ultra hem-de Pro nyrhnamalaryna ýazylan ulanyjylar üçin elýeterlidir. Wideo döretmek üçin çat-botuň menýusynda “Wideo” guralyny saýlamaly we suraty ýüklemeli. Ulanyjy ahyrky netijäniň nähili bolmalydygy barada goşmaça tekst hem goşup biler. Netijede, durulygy 720p we tarap gatnaşygy 16:9 bolan MP4 formatda wideo döredilýär. Her bir wideo awtomatik taýdan wideonyň EA tarapyndan döredilendigini görkezýän bellik, şeýle-de ulanyjy üçin görünmeýän sanly SynthID belligi goşulýar. Ýakyn günlerde funksiýa ykjam gurluşlarda hem elýeterli bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir