Gaý Riçi “Ýoldaky jaý” (Дом у дороги) uruşly filminiň dowamyny düşürmez. Režissýoryň gitmeginiň sebäbi görkezilmeýär diýip, Variety ýazýar. Riçi şu ýylyň ýazynda filmiň dowamynyň üstünde işlemäge goşulypdy. Filmde Jeýk Jillenhol we Deýw Batista oýnar. Ssenarini “Ýaramaz ýigitler: Güm bol ýa-da öl” (Плохие парни до конца) filmi bilen tanalýan Uill Bill ýazdy. “Ýoldaky jaý” 1989-njy ýylyň adybir filminiň remeýkidir. Sýužetiň merkezinde Floridada ýoluň ugrundaky baryň goragçysy durýar, ol howply adamlara garşy göreşmeli bolýar. Filmde antagonistiň keşbini UFC-niň öňki çempiony Konor Makgregor ýerine ýetirdi. Birinji filmi Dag Laýman (“Geljegiň çägi”) düşüripdi. Reliz 2024-nji ýylyň martynda Prime Video platformasynda boldy we bu ýerde film 50 milliondan gowrak tomaşa ýygnap, iň üstünlikli taslamalaryň birine öwrüldi. Gaý Riçi jenaýat komediýalary we uruşly filmler žanryndaky işleri bilen tanalýar. Ýakynda ol Apple TV+ platformasynda “Baky juwanlygyň çeşmesi” (Источник вечной молодости) mini-serialyny çykardy. Häzir režissýor “Jentlmenler” we “Gangsterlend” seriallarynyň dowamynyň üstünde işleýär.