2025-nji ýylyň iýun aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary ilkinji gezek Gün stansiýalarynyň kömegi bilen has köp elektrik energiýasyny öndürdi. Bu barada Ember analitiki kompaniýasyna salgylanyp, Reuters agentligi habar berýär. Maglumatlara görä, Gün panelleriniň ulanylmagy bilen ÝB-de öndürilen elektrik energiýasynyň paýy 22,1% boldy. Ikinji orunda ýel stansiýalary – 21,8%, üçünji orunda atom elektrostansiýalary – 15,8% ýerleşdi. Bir ýyl ozal iýun aýynda Gün stansiýalarynyň paýy 18,9% bolupdy. Şol bir wagtyň özünde, kömür arkaly öndürilen elektrik energiýasynyň paýy taryhy iň pes derejä çenli azaldy diýip, analitikler belleýär. Aprel aýynda Bloomberg agentligi Ýewropada klimat üýtgemeleri sebäpli tomsuň has uzak we yssy bolýandygyny, munuň hem elektrik energiýasy üçin bahalaryň peselmegine, şol sanda otrisatel görkezijilere getirip biljekdigini habar berdi. Neşir energiýanyň köplügi we islegiň peselmegi sebäpli 2025-nji ýylyň martynda bahalaryň noldan aşak gaçandygyny belledi. Mundan başga-da, 1-nji aprelde Fransiýada ammarlaryň ýetmezçiligi sebäpli bir megawatt-sagadyň bahasy minus 413 ýewro çenli aşak düşdi. Ozal Fransiýanyň häkimiýetleri 2025-nji ýylyň ahyryna çenli Günüň kömegi bilen öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberini geçen ýyl bilen deňeşdirilende 4,8 gigawatt artdyrmak meýilnamalary barada aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir